613

وعنْ سلمةَ بنِ الأَكْوع رضي اللَّه عنه أَن رجُلاً أَكَل عِنْدَ رسولِ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم بشِمالِهِ فقال: «كُلْ بِيَمِينِكَ« قالَ: لاَ أَسْتَطِيعُ ، قال: « لا اسْتَطَعْتَ « مَا مَنَعَهُ إِلاَّ الكبْرُ. قال: فما رَفَعها إِلى فِيهِ . رواه مسلم

Selemete ibn Äkwa’adan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

"bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanynda çep eli bilen iýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Sag eliň bilen iý!” diýdi. Ol adam: “Başaramok-da” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Başarman geç!” diýdi.
Selemäniň aýtmagyna görä, ol adam ulumsylygy sebäpli Pygamberimiziň sözüni diňlemändi. Şondan soň ol, elini agzyna-da ýetirip bilmedi”."

Salgylanma:

(Muslim)