615

وعن أبي سعيد الخدري رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ عن النبي صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم قال: (احتجت الجنة والنار فقالت النار: في الجبارون والمتكبرون، وقالت الجنة: في ضعفاء الناس ومساكينهم. فقضى اللَّه بينهما: إنك الجنة رحمتي أرحم بك من أشاء، وإنك النار عذابي أعذّب بك من أشاء، لكليكما علي ملؤها) رَوَاهُ مُسْلِمٌ.

Ebu Sa’yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

"“Jennet bilen jähennem öz aralarynda jedelleşip, çekeleşdiler. Jähennem: “Mende (adamlary güýç bilen özüne taby edýän) zalymlar we ulumsy tekepbirler bardyr” diýdi. Jennet bolsa: “Mende ejizler we mätäç garyplar bardyr” diýdi.
Allah olaryň dawasyny şeýle çözüp berdi.
“Eý Jennet! Sen meniň rahmetimsiň, seniň bilen islänimi merhemet ederin. Eý Jähennem! Sen bolsa meniň azabymsyň, Men seniň bilen islänime azap bererin. Men siziň ikiňizem doldurjakdyryn” diýdi”."

Salgylanma:

(Muslim)