622

وعنه قال: مَا مَسِسْتُ دِيباجاً ولاَ حَرِيراً أَلْيَنَ مِنْ كَفِّ رسُولِ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم، وَلاَ شَمَمْتُ رائحَةً قَطُّ أَطْيَبَ مِن رَسُولِ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم، وَلَقَدْ خَدَمْتُ رَسُولَ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم عشْرَ سِنينَ، فَما قالَ لي قَطُّ: أُفٍّ، وَلا قالَ لِشَيْءٍ فَعلْتُهُ : لِمَ فَعَلْتَهُ؟ ولا لشيءٍ لَمْ افعَلْهُ: أَلاَ فَعَلْتَ كَذا ؟ متفقٌ عليه .

Ýene-de Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Men hiç haçan Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ellerinden has ýumşak, ýüpek ýa-da atlas elläp görmedim. Şeýle hem Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýakymly ysyndan has hoşboý ys ysgap görmedim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme on ýyllap hyzmat etdim, emma welin birje gezegem maňa “uf” hem diýmedi. Bir zat etsem “Muny näme üçin etdiň?” diýip soramaýşy ýaly, etmedik zadyma-da “Şeýle etseň bolmazdymy?” diýmedi”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)