654

وعن أبي يَعْلى مَعْقِل بن يَسَارٍ رضي اللَّه عنه قال: سمعتُ رسول اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم يقول: « ما مِن عبدٍ يسترعِيهِ اللَّه رعيَّةً، يَمُوتُ يومَ يَموتُ وهُوَ غَاشٌ لِرَعِيَّتِهِ، إلاَّ حَرَّمَ اللَّه علَيهِ الجَنَّةَ » متفقٌ عليه .

Ebu Ýa’la Ma’kyl ibn Ýasardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir:

“Allahyň ýolbaşçy (dolandyryjy) edip bellän bir bendesi, dolandyrýan adamlaryny aldan halynda ölse, Allah ol bendesine Jenneti haram eder”.

وفي روايةٍ : « فَلَم يَحُطهَا بِنُصْحهِ لم يجِد رَائحَةَ الجَنَّة » .

Başga bir rowaýatda şeýle gelýär:

“Olara eýe çykyp goramasa, Jennetiň ysynam almaz”.

وفي روايةٍ لمسـلم : « ما مِن أَمِيرٍ يَلِي أُمورَ المُسلِمينَ ، ثُمَّ لا يَجهَدُ لَهُم ، ويَنْصحُ لهُم، إلاَّ لَم يَدخُل مَعَهُمُ الجَنَّةَ»

Muslimiň bir rowaýatda şeýle gelýär:

“Musulmanlaryň işlerini dolandyrmagy boýnuna alyp, ýöne olar üçin ýürekden, güýç-gaýratyny sarp etmeýän hiç bir ýolbaşçy, musulmanlar bilen bile Jennete girip bilmez”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)