656

وعن أبي هريرة رضي اللَّه عنه قال: قال رسول اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « كَانَت بَنُو إسرَائِيلَ تَسُوسُهُمُ الأَنْبياءُ، كُلَّما هَلَكَ نبي خَلَفَهُ نبي، وَإنَّهُ لا نبي بَعدي، وسَيَكُونُ بَعدي خُلَفَاءُ فَيَكثُرُونَ» قالوا: يَا رسول اللَّه فَما تَأْمُرُنَا؟ قال: « أَوفُوا بِبَيعَةِ الأَوَّلِ فالأَوَّلِ، ثُمَّ أَعطُوهُم حَقَّهُم، وَاسأَلوا اللَّه الذي لَكُم، فَإنَّ اللَّه سائِلُهم عمَّا استَرعاهُم» متفق عليه .

656. Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Ysraýyl ogullaryny (ýahudileri) pygamberler dolandyrardy. Bir pygamber ölse, onuň ýerine başga bir pygamber gelerdi. Elbetde, menden soň pygamber gelmez, ýöne köp halyflar bolar” diýdi. Sahabalar: “Ýa Resulallah! Bize (bu meselede) näme etmekligi emr edýärsiň?” diýip soradylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Yzly-yzyna geljek her bir halyfa beren kasamyňyza wepaly boluň. Haklaryny berjaý edip, olara boýun boluň. Öz hakyňyzy bolsa Allahdan soraň, çünki, Allah olardan özlerine ynanyp, tabşyran zadyndan hökman sorajakdyr”[1].

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)

bellikler:

[1] Eger şol halyflar, ýolbaşçylar, hökümdarlar size garşy adalatsyz bolsalar, özleriniň öňlerindäki borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmeseler, siz kömegi Allahdan soraň. Allah olardan hökman hasap sorar.