659

وعن أبي هريرة رضي اللَّه عنه، عن النبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قال: « سَبْعَةٌ يُظِلُّهُمُ اللَّه في ظِلِّهِ يومَ لا ظِلَّ إلاَّ ظِلُّهُ: إمَامٌ عادِلٌ، وشَابٌّ نَشَأَ في عِبادَةِ اللَّهِ تَعالى، ورَجُلٌ مُعَلَّقٌ قَلبُهُ في المَسَاجِدِ، ورجُلانِ تَحَابَّا في اللَّه، اجتَمعَا عليهِ، وتَفرَّقَا علَيهِ، ورجُلٌ دعَتهُ امرَأَةٌ ذَاتُ مَنصِب وجمَالٍ، فقَال: إنِّى أَخَافُ اللَّه، ورَجُلٌ تَصَدَّقَ بِصدقةٍ، فَأَخْفَاها حَتَّى لا تَعلَمَ شِمالُهُ ما تُنفِقُ يميِنُهُ، ورَجُلٌ ذَكَر اللَّه خَالِياً فَفَاضَتْ عينَاهُ « .متفقٌ عليه

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

"“Allah Tagala ýedi (hili) adamy, Özüniň kölegesinden başga hiç hili kölege bolmajak Kyýamat gününde, olary Öz saýasynyň astyna alar. Olar:
1. Adalatly ymam (hökümdar).
2. Robbuna ybadat edip ýetişen ýigit.
3. Ýüregi mesjidler bilen ysnyşykda bolan adam.
4. Allahyň razylygy üçin biri-birini gowy gören, Onuň razylygy üçin duşuşan we aýrylyşýan iki adam.
5. Asylzada, owadan bir aýal, bile bolmak (ýagny zyna etmek) üçin çagyran wagty, “Men Allahdan gorkýaryn” diýip, saklanyp bilen erkek adam.
6. Sag eliniň berenini sol eliniň hem bilmejek derejesinde, gizlin sadaka beren adam.
7. Allahy ýekelikde ýatlap, göz ýaş döken adam”. "

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)