674

وعن أبي سعيد عبد الرحمنِ بن سَمُرةَ رضي اللَّه عنه، قال: قال لي رسول اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: «يَا عَبدَ الرَّحمن بن سمُرَةَ: لا تَسأَل الإمارَةَ، فَإنَّكَ إن أُعْطِيتَها عَن غَيْرِ مسأَلَةٍ أُعنتَ علَيها، وإن أُعطِيتَها عَن مسأَلةٍ وُكِلتَ إلَيْها، وإذَا حَلَفْتَ عَلى يَمِين، فَرَأَيت غَيرها خَيراً مِنهَا، فَأْتِ الذي هُو خيرٌ، وكفِّر عَن يَمينِكَ « متفقٌ عليه

Ebu Sa’yd Abdurrahman ibn Semuradan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa şeýle aýtdy diýipdir:

“Eý Abdurrahman ibn Semura! Hiç kimden ýolbaşçy bolmak wezipesini sorama! Çünki, saňa bu wezipe, sen islemedik halyňda berilse, Allah saňa ýardam eder. Eger-de, (bu wezipe) seniň öz islegiň sebäpli berilse, onda (saňa Allahyň ýardamy bolmaz) ol işi özüň alyp çykmaly bolarsyň. Eger-de, bir zat üçin kasam etseň, soňra başga bir zadyň şondan has haýyrlydygyny görseň, sen haýsysy haýyrly bolsa, şony etgin we eden kasamyň üçin keffaraty bergin!”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)