676

وعنه قال: قلت : يا رسول اللَّه ألا تَستعمِلُني ؟ فضَرب بِيدِهِ على منْكبِي ثُمَّ قال: « يا أبا ذَرٍّ إنَّكَ ضَعِيف، وإنَّهَا أَمانة، وإنَّها يوم القيامَة خِزْيٌ ونَدَامةٌ، إلاَّ من أخَذها بِحقِّها، وأدى الذي عليهِ فِيها « .رواه مسلم .

Ýene-de Ebu Zerrden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi:

“Men: “Ýa Resulallah! Meni hem bir wezipä belläý?” diýdim. Ol eli bilen egnime kakyp şeýle diýdi: “Eý, Ebu Zerr! Sen bir ejiz adamsyň, soraýan zadyň bolsa, amanatdyr. Bu amanata hakly bolup, boýun alan we üstüne düşen wezipäni doly ýerine ýetiren adamdan başgasy üçin, bu wezipe Kyýamat gününde masgaralyk we puşmanlykdyr”.

Salgylanma:

(Muslim)