716

وعن عبدِ اللَّهِ بنِ يزيدَ الخَطْمِيِّ الصَّحَابيِّ رضي اللَّه عنه قَالَ: كَانَ رسولُ اللَّه صلى الله عليه وسلم إِذا أَرَادَ أَنْ يُوَدِّعَ الجَيْش قالَ: أَسْتَوْدعُ اللَّه دِينَكُمْ، وَأَمَانَتكُم، وَخَوَاتِيمَ أَعمَالِكُمْ .حديث صحيح، رواه أَبُو داود وغيره بإِسناد صحيح.

Sahaba Abdulla ibn Ýezid Hatmiýden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem esgerler bilen hoşlaşjak bolan wagty şeýle diýerdi:
“Ästäwdiu’llohä dinäkum, wä ämänätäkum, wä häwätiimä a’amalikum!”
(Diniňizi goramak, amanatlaryňyzy ýerine ýetirmek hem-de ähli haýyrly amallaryňyzyň soňunyň gowy bolup gutarmagy hususynda, sizi Allaha tabşyrýaryn!”. "

Salgylanma:

(Sahyh hadys. Ebu Dawud we beýlekiler sahyh isnad bilen rowaýat edipdirler)