732

وعن أُميَّةَ بنِ مخْشِيٍّ الصَّحابيِّ رضيَ اللَّه عنه قَالَ: كَانَ رسُولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم جَالِسَاً، ورَجُلٌ يأْكُلُ، فَلَمْ يُسمِّ اللَّه حَتَّى لَمْ يبْقَ مِنْ طَعَامِهِ إِلاَّ لُقْمةٌ، فَلَمَّا رَفَعها إِلى فِيهِ، قَالَ :بِسْمِ اللَّهِ أَوَّلَهُ وَآخِرَهُ، فَضَحِكَ النَّبِيُّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم، ثُمَّ قَالَ : مَا زَالَ الشَّيْطَانُ يَأْكُلُ مَعَهُ، فَلمَّا ذَكَر اسمَ اللَّهِ استْقَاءَ مَا فِي بَطنِهِ .رواه أبو داود، والنسائي.

Umeýýe bin Mahşiýden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanynda nahar iýip otyrdy, iň soňky lukmasyny iýýänçä “Bismilläh” diýmedi. Iň soňky lukmasyny agzyna göteren mahaly “Bismillähi äwwälähu wä ähirähu” (Owalyna we ahyryna Bismilläh bolsun!) diýdi. Şol wagt Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýylgyrdy we şeýle diýdi: “Şeýtan onuň bilen bile nahar iýip otyrdy. Ol adam “Bismilläh” diýenden soň, şeýtan içindäkileriniň baryny gusup çykardy”.

Salgylanma:

(Abu Dawud we Nisäi) (Da’yf hadys)