Jabirden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi:
“Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maşgalasyndan çöregiň gapdalyndan iýer ýaly bir zat barmy diýip” sorady. Olar: “Öýde sirkeden başga hiç zat ýok” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ony getirdip, ondan iýip başlady we şeýle diýdi: “Sirke – nähili gowy batyrma! Sirke - nähili gowy batyrma!”.