841

وعن أَبي سعيد الخدريِّ رضي الله عنه أنَّه سمِع النَّبيَّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم يقول: إِذَا رَأى أَحدُكُم رُؤْيَا يُحبُّهَا فَإنَّما هِيَ مِنَ اللهِ تَعَالَى فَليَحْمَدِ اللهَ عَلَيهَا وَلْيُحُدِّثْ بِها . متفقٌ عَلَيْهِ.

Ebu Sa’yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir:

“Haýsydyr biriňiz göwnüne ýaraýan gowy bir düýş görse, ol düýş Allahdandyr. Şonuň üçin hem Allaha hamd aýtsyn we ony başgalara-da gürrüň bersin!”

وفي رواية: فَلا يُحَدِّثْ بَها إِلاَّ مَنْ يُحِبُّ وَإذا رَأَى غَيَر ذَلك مِمَّا يَكرَهُ فإنَّما هِيَ منَ الشَّيْطانِ فَليَسْتَعِذْ منْ شَرِّهَا وَلا يَذكْرها لأَحَدٍ فَإنَّهَا لا تضُّره

Başga bir rowaýatda şeýle gelýär:

“Ol düýşi, diňe gowy görýän adamlaryndan başga hiç kime gürrüň bermesin. Eger-de, halamaýan erbet bir düýş görse, ol şeýtandandyr. Onuň şerinden Allaha sygynsyn we ony hiç kime gürrüň bermesin, şonda şol düýş oňa zyýan berip bilmez”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)