889

وعن صَفْوان بن عَسَّال رضي الله عنه قَالَ : قَالَ يَهُودي لِصَاحبه اذْهب بِنَا إِلَى هَذَا النَّبيِّ فَأتَيَا رسولَ الله صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فَسَألاه عَنْ تسْع آياتٍ بَينات فَذَكرَ الْحَديث إِلَى قَوْله: فقَبَّلا يَدَهُ وَرِجْلَهُ وقالا :نَشْهَدُ أنَّكَ نَبِيٌّ. رواه الترمذي وغيره بأسانيد صحيحةٍ.

Safwan ibn ‘Assaldan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Bir ýehudy özi ýaly ýehudy dostuna: “Ýör, şu Pygamberiň ýanyna baraly” diýdi. Olar Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellemiň ýanyna geldiler we Ony (synamak üçin) dokuz sany anyk aýatlar hakynda soradylar”[1].
Safwan bu hadysy dolulygyna gürrüň berenden soňra şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallahu aleýhi wesellem olaryň soraglaryna jogap berenden soň, olar Onuň elini we aýagyny öpüp: “Seniň hakyky Pygamberdigiňe şaýatlyk edýäris!” diýdiler”.
"

Salgylanma:

(Tirmizi we başgalar. Sahyh isnadlar bilen) (Da’yf hadys)

bellikler:

[1] Ýagny Musa aleýhissalam Firgawna görkezen dokuz sany mugjyzasy hakynda soradylar. Şeýle hem ýehudylara-da, musulmanlara-da degişli bolan dokuz aýat hakynda soradylar.