908

وعن أَبي سعيد الخُدْرِيِّ رضي اللَّه عنه أَن جِبْرِيلَ أَتَى النَّبِيَّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فقال : يَا مُحَمدُ اشْتَكَيْتَ؟ قال : « نَعَمْ « قال : « بِسْمِ اللَّهِ أَرْقِيكَ ، مِنْ كُلِّ شَيْءٍ يُؤْذِيكَ، مِنْ شَرِّ كُلِّ نَفْسٍ أَوْ عيْنِ حَاسِدٍ، اللَّهُ يشْفِيك ، بِسْمِ اللَّهِ أَرْقِيكَ « .رواه مسلم .

Ebu Sa’yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

"Jebraýyl (aleýhis-salam) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Eý Muhammed, hassamyň?” diýip sorady. Ol: “Hawa” diýdi. Jebraýyl aleýhissalam:
“Bismillähi ärkykä, min kulli şäý’in ýu’zikä, min şärri kulli näfsin äw ‘aýni hasidin, Allahu ýäşfikä, Bismillähi ärkykä!”
(Allahyň ady bilen, saňa yza berip, biynjalyk edýän her bir zatdan saňa okap, doga-dileg edýärin! Her bir nebsiň we göribiň gözüniň şerinden Allah saňa şypa bersin! Allahyň ady bilen saňa okap, doga-dileg edýärin!) diýip aýdypdyr”.
"

Salgylanma:

(Muslim)