910

عن ابن عباسٍ رضي اللَّه عنهما أَنَّ عليَّ بنَ أَبي طالبٍ رضي اللَّهُ عنهُ خرجَ مِنْ عِنْدِ رسولِ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم في وجَعِهِ الذِي تُوُفيِّ فِيهِ ، فقال النَّاسُ: يا أَبَا الحسنِ، كَيـفَ أَصْبَحَ رسولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قال: أَصْبحَ بِحمْد اللَّهِ بَارِئاً . رواه البخاري .

Ibni Abbasdan (Allah ol ikisinden razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ölümine sebäp bolan kesel bilen kesellän döwründe, Aly ibn Ebu Talyp (Allah ondan razy bolsun), Onuň ýanyndan çykdy. Adamlar ondan: “Eý, Ebul-Hasan! Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bu gün özüni nähili duýýar?” diýip soradylar. Ol: “Allaha şükür, bu gün irden gowulaşdy!” diýip jogap berdi”.

Salgylanma:

(Buhary)