925

عن ابنِ عُمرَ رضي اللَّه عنهما أَنَّ رسُولَ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم عاد سَعْدَ بنَ عُبَادَةَ ، وَمَعَهُ عبْدُ الرَّحمنِ بنُ عَوفٍ ، وسعْدُ بْنُ أَبي وَقَّاصٍ ، وعبْدُ اللَّهِ بن مَسْعُودٍ رضي اللَّه عنهم ، فَبكى رسولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم ، فلمَّا رَأَى القوْمُ بُكاءَ رسولِ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم ، بَكَوْا ، فقال : « أَلا تَسْمعُونَ ؟ إِنَّ اللَّه لا يُعَذِّبُ بِدمْعِ العَيْنِ، وَلا بِحُزْنِ القَلْبِ ، وَلكِنْ يُعَذّبُ بِهذاَ أَوْ يَرْحَمُ « وَأَشَارَ إِلى لِسَانِهِ . متفقٌ عليه .

Ibni Omardan (Allah ol ikisinden razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem, Abdurrahman ibn ‘Auwf, Sa’d ibn Ebu Wakkas, Abdulla ibn Mes’ud (Allah olardan razy bolsun), bilen bilelikde Sa’d ibn ‘Ubadany soramaga gitdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ony görüp aglady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aglaýşyny gören sahabalar (saklanyp bilmän) olar hem aglamaga durdylar. Şol wagt Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Siz eşitmeýärsiňizmi?! Elbetde Allah, gözlerden akan ýaş üçin we ýüregiň hasraty üçin azap berýän däldir. Azap berse-de rehim etse-de şu sebäplidir” diýip, diline yşarat etdi”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)