939

وعن واثِلة بنِ الأسقعِ رضيَ اللَّه عنه قال : صَلَّى بِنَا رسولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم عَلى رجُلٍ مِنَ المُسْلِمينَ، فسمعته يقولُ: « اللَّهُمَّ إنَّ فُلانَ ابْنَ فُلان في ذِمَّتِكَ وحَبل جوارك، فَقِهِ فِتْنَةَ القَبْر، وَعَذَابَ النَّار وَأَنْتَ أَهْلُ الوَفاءِ والحَمْدِ، اللَّهُمَّ فاغفِرْ لهُ وَارْحَمْهُ، إنكَ أَنْتَ الغَفُور الرَّحيمُ « رواه أبو داود. (قال المحدث الألباني في صحيح أبي داود: هذا الحديث صحيح، الصفحة أو الرقم 3202)

Wäsile ibn Ask’aden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem biziň bilen bir musulmanyň jynaza namazyny okady, şonda men onuň şeýle doga edenini eşitdim:
“Allahummä innä fulän ibnä fulan fi zimmätikä wä habli jiwärikä, fakihi fitnätäl-kobri, wä ‘azäbän-näri, wä Äntä ählul-wäfäi wäl-hamdi! Allahummä fägfir lähu wärhämhu, Innäkä Äntäl-Gafurur-Rohim!”
(Allahym! Pylanyň ogly pylany, Seniň hemaýatyňda we howandarlygyňdadyr. Ony gabryň synaglaryndan we dowzah azabyndan halas edeweri. Wadasyny wepa edýän we öwgülere mynasyp bolan, diňe Sensiň, Allahym! Ony bagyşlaweri we oňa rehim edeweri! Çünki, Sen ýeke-täk Bagyşlaýjy we Rehimdarsyň!). "

Salgylanma:

(Ebu Dawud. Albani “Sahyh Ebu Dawud”-de sahyh hadys diýdi (3202))