945

عن عليٍّ رَضِيَ اللَّهُ عنه قال : كُنَّا في جنَازَةٍ في بَقِيع الْغَرْقَد فَأَتَانَا رَسُولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم ، فقَعَدَ، وقعدْنَا حَوْلَهُ وَمَعَهُ مِخْصَرَةٌ فَنَكَسَ وَجَعَلَ يَنْكُتُ بِمِخْصَرتِهِ، ثم قال: «ما مِنكُمْ مِنْ أَحَدٍ إلاَّ وَقَدْ كُتِبَ مقْعَدُهُ مِنَ النَّارِ ومَقْعَدُهُ مِنَ الجنَّة « فقالوا: يا رَسُولَ اللَّهِ أَفَلاَ نَتَّكِلُ على كتابنَا؟ فقال: «اعْمَلُوا ، فَكُلٌّ مُيَسَّرٌ لِمَا خُلِقَ لَهُ» وذكَر تمامَ الحديث. متفقٌ عليه.

Alydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Bir gezek biz “Baki’ul-Garkad” gabrystanlygynda bir jynazadadyk. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem elinde kiçijik bir taýajygy bilen gelip, biziň ýanymyzda oturdy. Biz hem Onuň töweregine geçip oturdyk. Başyny aşak egip, elindäki taýajygy bilen ýere bir zatlar çyzmaga başlady. Soňra şeýle diýdi: “Siziň içiňizde Jennetde we dowzahda orny kesgitlenmedik hiç kimse ýokdur”.
Şol wagt sahabalar: “Ýa Resulallah! Onda biz ýazgydymyza bil baglamaly bolýarysmy?” diýip soradylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Siz işiňize dowam ediň, her kim näme üçin ýaradylan bolsa, şol işi aňsatlyk bilen etmäge miýesser ediler” diýip jogap berdi. Soňra hadysy dolulygyna aýdyp berdi”.
"

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)