946

عن أبي عَمْرو وقيل: أبو عبد اللَّه ، وقيل: أبو لَيْلى عُثْمَانُ بن عَفَّانَ رضي اللَّه عنه قال: كانَ النَّبيُّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم إذا فرَغَ من دفن المَيِّتِ وقَفَ علَيهِ، وقال: «استغفِرُوا لأخِيكُم وسَلُوا لَهُ التَّثبيتَ فإنَّهُ الآن يُسأَلُ «. رواه أبو داود. (قال المحدث الألباني في صحيح أبي داود: هذا الحديث صحيح، الصفحة أو الرقم 3221) .

Ebu Amr ýa Ebu Abdulla ýa-da Ebu Leýla kunýeleri bilen tanalýan Osman ibni Affandan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir merhumy jaýlap bolandan soň gabryň başynda durup: “Merhum doganyňyzyň bagyşlanmagy üçin doga-dileg ediň we (gabyrda beriljek soraglara) onuň mäkäm durmagyny )soraglara dogry jogap bermegini Allahdan) diläň, çünki ol şu wagt soralýandyr” diýdi”.

Salgylanma:

(Ebu Dawud. Albani “Sahyh Ebu Dawud”-de sahyh hadys diýdi (3221))