954

وعن أَبي سعيدٍ الخُدْرِيِّ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قَالَ : جَاءَتِ امرأَةٌ إِلى رَسُولِ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فَقَالَتْ : يا رَسُولَ اللَّهِ ذَهَبَ الرِّجالُ بحَديثِكَ ، فاجْعَلْ لَنَا مِنْ نَفْسِكَ يَوْماً نَأْتيكَ فيهِ تُعَلِّمُنَا مِمَّا عَلَّمَكَ اللَّه ، قَالَ : « اجْتَمِعْنَ يَوْمَ كَذَا وَكَذَا « فَاجْتَمَعْنَ ، فَأَتَاهُنَّ النبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فَعَلَّمَهنَّ مِمَّا علَّمهُ اللَّه ، ثُمَّ قَالَ : « ما مِنْكُنَّ مِن امْرَأَةٍ تُقَدِّمُ ثَلاثةً منَ الوَلَدِ إِلاَّ كانُوا لهَا حِجَاباً منَ النَّار « فَقالتِ امْرَأَةٌ : وَاثنينِ ؟ فَقَالَ رَسُولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم «وَاثْنَيْن« .متفقٌ عليه .

Ebu Sa’yd El-Hudrydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi:

“Bir aýal Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Siziň aýdýan sözleriňizden diňe erkekler peýdalanýarlar. Biz, aýallar üçin hem bir gün belleseňiz, biz hem şol gün Seniň ýanyňa gelsek, Allahyň Saňa öwreden zatlaryndan bize-de öwretseň” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Bolýar, pylan gün, pylan ýerde jemleniň” diýdi. Olar hem jemlendi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olaryň ýanyna baryp, Allahyň Özine öwreden zatlaryndan olara-da öwredip başlady. Soňra şeýle diýdi: “Araňyzda üç çagasy ölen aýal bar bolsa, ölen çagalary, onuň üçin dowzahdan bir perde bolar”. Bir aýal “Ikisi (ölen bolsa) näme?” diýip sorady. Ol “Ikisi (ölenem) bolsa!” diýip jogap berdi”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)