957

وعن صخْرِ بنِ وَدَاعَةَ الغامِدِيِّ الصَّحابيِّ رضي اللَّه عنْهُ، أَنَّ رسُول اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قَالَ : «اللَّهُمَّ بَارِكْ لأُمَّتي في بُكُورِها « وكَان إِذا بعثَ سَرِيَّةً أَوْ جيشاً بعَثَهُم مِنْ أَوَّلِ النَّهَارِ وَكان صخْرٌ تَاجِراً، وَكَانَ يَبْعثُ تِجارتهُ أَوَّلَ النَّهار ، فَأَثْرى وكَثُرَ مالُهُ. رواه أبو داود والترمذيُّ وقال: حديثٌ حسن .

Sahaba Sahr ibnWada’a Gamididen (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

" “Allahummä bärik liummäti fi bukurihä!”
(Allahym, ymmatymyň säherini bereketli, mübärek et!)[1] .
“Haçan-da, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (jihäde) bir seriýýe[2] ýa-da goşuny ugradanda, ir bilen ugradardy.
Sahr hem söwdegärdi, elmydama harytlaryny, kerwenlerini günüň başynda, ir säher bilen ugradardy, şol sebäpli hem onuň mal-baýlygy köpelip, baý boldy”.
"

Salgylanma:

(Ebu Dawud we Tirmizi. Ol: bu hadys hasan – diýipdir)

bellikler:

“[1] ýagny, ir turup işine başlanlaryň işlerini bereketli et!
[2] Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem özi gatnaşman goşun ugratsa, seriýýe diýilýär.