992

"وعَن النَّوَّاسِ بنِ سَمعانَ رضيَ اللَّه عنهُ قال: سمِعتُ رسول اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم يقولُ: «يُؤْتى يوْمَ القِيامةِ بالْقُرْآنِ وَأَهْلِهِ الذِين كانُوا يعْمَلُونَ بِهِ في الدُّنيَا تَقدُمهُ سورة البقَرَةِ وَآل عِمرَانَ، تحَاجَّانِ عَنْ صاحِبِهِمَا».
رواه مسلم .
"

Newwas ibn Säm’andan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir:

“Kyýamat güni Kurany we dünýäde Kuran bilen amal edenleri magşar ýerine getirerler. Şol pursatda Kuranyň öňüne “Bakara” we “Äli-Ymran” süreleri geçip, olary goldamak üçin biri-birleri bilen ýaryş ederler”.

Salgylanma:

(Muslim)